Türkmenistanda Halkara Zähmet Guramasy (HZG) tarapyndan Ýewropa Bileleşigi (ÝB) we milli hyzmatdaşlar bilen bilelikde durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda mynasyp zähmeti ilerletmek hem-de çaga we mejbury zähmetiň öňüni almak» atly taslama badalga berildi.
Taslama çagalaryň zähmetine we mejbury zähmete garşy durmaga, şeýle hem, aýratyn-da Türkmenistanyň pagtaçylyk pudagynda mynasyp zähmet şertleriniň döredilmegine ýardam bermäge gönükdirilendir.
Bu başlangyç hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, halkara zähmet kadalaryny tassyklamaga we ornaşdyrmaga, şeýle-de zähmet hukuklarynyň büzülmeginiň öňüni almak hem-de aradan aýyrmak maksady bilen institusional mümkinçilikleri güýçlendirmäge ýardam etmelidir.
Taslama möhüm milli we halkara resminamalary, şol sanda Türkmenistanyň zähmet bazaryny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Konsepsiýasy, HZG bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň «Ýol kartasy», şeýle hem BMG-niň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin durnukly ösüş babatda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasy bilen utgaşdyryldy.
Taslama ÝB-niň maliýe goldawy bilen 2026-2027-nji ýyllar aralygynda amala aşyrylar.