Turkmenportal logo
Şu gün 14:20
44304430
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Rustam Minnihanow we Gurbanguly Berdimuhamedow «Kazan» halkara atçylyk-sport toplumyna baryp gördüler

Şu gün irden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow «Kazan» halkara atçylyk-sport toplumyna baryp gördüler.

Ýokary derejeli myhmanlar toplum bilen tanyşlygyň öňýanynda Tatarystanyň kärhanalarynyň oba hojalyk we azyk önümleri görkezilýän ýöriteleşdirilen sergisini synladylar.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow «Kazan» atçylyk-sport toplumynyň işi bilen tanyşdyryldy, şeýle hem bu ýerde çapyksuwarlaryň görkezme çykyşlary boldy.

Tatarystanyň Baştutanynyň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, şu günler Kazanda Russiýanyň sebitlerinden, şol sanda Tatarystandan, şeýle-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlardan — Türkmenistandan, Gazagystandan we Gyrgyzystandan gelen iň güýçli çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda ýaryşlar geçirilýär.

Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kazan Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşandygyny habar beripdik.