Kazana bolan saparynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa 2021-nji ýylda Tatarystanyň Raisi Rustam Minnihanowa sowgat beren, eýýäm ulalan Akdost (Akdus) atly alabaýyny görkezdiler.
Bu barada Tatarystanyň Baştutanynyň metbugat gullugynyň ýolbaşçysy Liliýa Galimowanyň sözlerine salgylanyp, «Tatar-inform» habar berýär.
Gurbanguly Berdimuhamedowa Russiýanyň çempiony bolmagy başaran alabaýyň gazanan üstünlikleri barada gürrüň berdiler. Akdost gulluk itiniň ähli buýruklaryny — «otur», «garaş», «ýat» ýaly buýruklary bilýär we ygtybarly goragçy bolup durýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Akdostyň gazanan üstünliklerinden ylhamlanyp, Tatarystana ýene-de iki jübüt alabaý ibermek barada karar kabul etdi diýip, Liliýa Galimowa sosial ulgamlarda belledi.
Ýatladyp geçsek, Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylda Rustam Minnihanowa ak reňkli alabaý güjügini sowgat beripdi.
Tatarystanyň Raisi özüniň gowy görýän jandarynyň suratlaryny yzygiderli ýagdaýda sosial ulgamlarda paýlaşyp durýar.