Turkmenportal logo
Şu gün 11:05
32613261
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Rustam Minnihanow «Kazan halal bazary» sergisinde Türkmenistanyň Milli pawilýonyna baryp gördi

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistan «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumynyň çäginde guralýan birnäçe çärelere gatnaşýar. Düýn şeýle çäreleriň biri — «Kazan halal bazary» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Oňa Türkmenistan hem özüniň Milli pawilýony bilen gatnaşýar. Bu barada  tatar-inform.ru saýty ýazýar.

Çäräniň açylyş dabarasyna Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow we beýleki ýokary derejeli resmi adamlar gatnaşdylar. Rustam Minnihanow sergi bilen tanyşlygyň dowamynda Türkmenistanyň Milli pawilýonyna hem baryp gördi. Pawilýonda ýerleşdirilen milli gymmatlyklar, Türkmenistanyň ýeten sepgitlerini şöhlelendirýän eksponatlar ýokary derejeli myhmanda aýratyn täsir galdyrdy. Türkmenistanyň Milli pawilýonynda Tatarystanyň Baştutanyna türkmen el halysy sowgat edildi.

Habarda bellenilişine görä, «Kazan halal bazary» atly halkara sergi-ýarmarkasyna şu ýyl Russiýanyň 11 sebitinden 100-den gowrak kompaniýa hem-de daşary ýurtlaryň wekilleri gatnaşýarlar.