Turkmenportal logo
Şu gün 11:04
29192919
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň 17 ýokary okuw mekdebi «Hünär boýunça rus dili» bäsleşigine gatnaşdy

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Hünär boýunça rus dili» dersi boýunça onlaýn bäsleşik geçirdi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, «Dünýä dilleri – dostluk ýollary» ady bilen geçirilen bu bäsleşige Türkmenistanyň 17 ýokary okuw mekdebine wekilçilik eden jemi 82 talyp gatnaşdy.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça 28 talyp baýrakly orunlary eýeledi.

I orna 7 talyp mynasyp boldy: Sona Muhammetberdiýewa (Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy), Mämmetaman Mämmedow we Zöhre Orazberdiýewa (Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty), Merjen Kowusowa (Senagatçylar we telekeçiler halkara uniwersiteti), Şatjan Serdarow (Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti), Ýekaterina Obýedkowa (S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti) we Nurmyrat Atahanow (Türkmenistanyň Döwlet maliýe instituty).

Bäsleşige gatnaşan 10 talyp II orny, 11 talyp bolsa III orny eýeledi.

Guramaçylaryň bellemegine görä, bu bäsleşigiň geçirilmegi öz hünärleri boýunça rus dilini ýokary derejede özleşdiren zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi.