Turkmenportal logo
Şu gün 10:06
49514951
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Metallica» toparynyň 80 müň tomaşaçy gatnaşan çykyşy ýertitreme döretdi
Surat: rg.ru

Meşhur «Metallica» amerikan aýdym-saz toparynyň geçen şenbede Gresiýada bolan konserti kiçi seýsmiki sarsgynlary döretdi. Bu barada Afiny şäheriniň Geodinamiki institutynyň maglumatlaryna salgylanýan ýerli «Ekathimerini» gazeti habar berdi.

Afinynyň demirgazygyndaky stadionda bolan konserte 80 müňden gowrak adam ýygnandy. Netijede, ady tutulan seýsmiki edaranyň enjamlary tarapyndan uly bolmadyk ýerasty sarsgynlar hasaba alyndy.

Bir ýyl mundan öň «Metallica» toparynyň Wirjiniýa ştatyndaky konsertinde hem uly bolmadyk ýertitreme dörändigi habarda bellenýär.