Turkmenportal logo
Şu gün 10:04
53185318
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Buharada Türkmenistanyň we Özbegistanyň parlamentleriniň spikerleriniň duşuşygy geçirildi

13-nji maýda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherine iş saparynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy T.Narbaýewa bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar iki ýurduň arasyndaky giň möçberli, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde halkara hukuk ulgamyndaky hyzmatdaşlyga uly ornuň degişlidigi bellenildi. Bu hyzmatdaşlygyň bolsa halklaryň arasyndaky dost-doganlygy has-da pugtalandyrmaga, döwletara gatnaşyklaryny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga ýardam berýändigi nygtaldy. 

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda ulag, üstaşyr geçiriş, serhetýaka hyzmatdaşlyk we sanly tehnologiýalar ulgamynda zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar geljekde kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmagyň, parlamentara dostluk toparlarynyň işini işjeňleşdirmegiň, halkara parlament meýdançalarynda birek-biregiň başlangyçlaryny goldamagyň, ýaş parlamentarileriň we zenan parlamentarileriň arasynda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň hem-de duşuşyklarynyňdyr maslahatlaryň geçirilmeginiň ähmiýetini bellediler. 

Türkmen tarapy saparyň çäklerindäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasy bilen parlamentara gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini we ony ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy T.Narbaýewany şu ýyl «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek durnukly ösüşi üpjün etmekde oňyn tejribeleri paýlaşmaga we öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilen halkara we parlamentara çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.