Turkmenportal logo
Düýn 23:55
91989198
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen halkynyň Milli Lideri Tatarystanyň Baştutany bilen duşuşdy
Surat: Surat: rais.tatarstan.ru

Şu gün «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» XVII halkara ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Kazana sapar bilen baran türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Duşuşyk Kazandaky Kremlde geçirildi.

«Tatar-informyň» habar bermegine görä, Rustam Minnihanow Gurbanguly Berdimuhamedowa «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» XVII halkara ykdysady forumynyň çärelerine hormatly myhman hökmünde yzygiderli gatnaşýandygy, şeýle hem Tatarystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow Kazana çakylyk üçin Rustam Minnihanowa hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle-de «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumynyň eýýäm 17-nji gezek geçirilýändigini, forumyň abraýynyň barha artýandygyny, onuň çäklerinde, esasan, ykdysadyýet, maýa goýumlary, IT we sanlylaşdyrmak bilen baglanyşykly ylmy-amaly maslahatlaryň, sergileriň geçirilmeginiň örän uly ähmiýete eýe bolýandygyny aýtdy. Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýyl Kazanyň yslam dünýäsiniň medeni paýtagty hökmünde yglan edilmeginiň hem guwandyryjy ýagdaýdygyny belläp, bu waka bilen Rustam Minnihanowy tüýs ýürekden gutlady.