Turkmenportal logo
Düýn 20:12
1072510725
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisine gatnaşyjylary gutlady
Surat: tdh.gov.tm

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi öz işine başlady. 

Mejlisiň öz işine başlamagy bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany Gutlagynda: «Türkmenistan ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek ugrunda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki iri halkara guramalarynyň meýdançalarynda hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeleýär. Garaşsyz ýurdumyz bu ugurda uly maksatlary nazarlaýan birnäçe başlangyçlary öňe sürdi we netijede köp sanly kararnamalar kabul edildi.

2025-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde hödürlenen 2026 – 2035-nji ýyllar üçin «BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygy» atly Kararnamanyň taslamasy şol ýylyň ahyrynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan tassyklandy. Bu ulag geçelgelerini ösdürmek, olaryň durnuklylygyny ýokarlandyrmak we ähli ýurtlar üçin elýeterliligini üpjün etmek bilen halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmäge giň mümkinçilik açýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda dürli ýyllarda Türkmenistanyň başlangyjy bilen durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ornuna bagyşlanan köp sanly kararnamalar kabul edildi. Şeýle hem «Bütindünýä Durnukly ulag güni» atly Kararnama kabul edilip, her ýylyň 26-njy noýabry «Bütindünýä Durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi.

Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan milli ulag düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak arkaly halkara üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Tejen–Sarahs–Maşat, Gazagystan–Türkmenistan–Eýran we Kerki–Ymamnazar–Akina halkara demir ýollary, Türkmenabat–Zerger–Kerki we Aşgabat–Garagum–Daşoguz demir ýollary, şeýle hem Kerki–Kerkiçi we Türkmenabat–Farap demir ýol köprüleri gurlup, ulanmaga berildi.

Türkmenistan ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak bilen, Gündogar–Günbatar we Demirgazyk–Günorta ugurlar boýunça möhüm ýollary we merkezleri birleşdirýän esasy üstaşyr ulag geçelgeleriniň düzümlerini mundan beýläk-de giňeltmegi möhüm meseleleriň hatarynda goýýar.

Hususan-da, 2016-njy ýylda BMG-niň howandarlygynda Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki Halkara maslahatynyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Beýannamasyny, 2017-nji ýylda baglaşylan «Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşygy (Lapis Lazuli ugry boýunça Ylalaşyk)», şeýle hem TRACECA ulag geçelgesini görkezmek bolar.

«Hytaý–Gazagystan–Türkmenistan–Eýran» ulag-üstaşyr geçelgesini ösdürmek we ýükleriň geçirilişini işjeňleşdirmek boýunça hem zerur işler alnyp barylýar» diýip belledi.

Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti «Aziýa – Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary – Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe – Ýewropa» halkara multimodal üstaşyr ulag ugruny işjeňleşdirmek boýunça hem agza döwletleriň demir ýol edaralarynyň arasynda yzygiderli işleriň alnyp barylýandygyny belläp, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.