GLOBAL ACADEMY halkara bilim kompaniýasy Türkmenistanda Istanbul Okan University uniwersitetiniň aýratyn hyzmatdaşynyň derejesini alandygyny yglan etdi. 2026-njy ýylda bu uniwersitet Türkmenistanyň tassyklanan ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna girizildi. Bu bolsa Türkiýede bilim almagy meýilleşdirýän talyplar üçin täze mümkinçilikleri açdy.
Kompaniýa bäş ýyldan gowrak wagt bäri talyplaryň Türkiýäniň öňdebaryjy uniwersitetlerine okuwa girmek işlerinde ýardam berýär. GLOBAL ACADEMY kompaniýasynyň hyzmatdaşlarynyň arasynda Istanbul Aydın University, Istanbul Medipol University, Istanbul Gelişim University we diplomlary Türkmenistanda ykrar edilýän beýleki ýokary okuw mekdepleri bar.
Talyplara lukmançylyk, hukuk, binagärlik, inženerçilik, daşary ýurt dilleri, sport we taryh ýaly dürli ugurlar boýunça bakalawr hem-de magistratura maksatnamalary hödürlenýär.
GLOBAL ACADEMY kompaniýasy hyzmatlaryň doly toplumyny üpjün edýär: uniwersiteti saýlamak, resminamalary we wizany taýýarlamak, notarial terjimeler, okuwa ýerleşmäge ýardam bermek, Stambula geleninden soň hemaýat bermek, wagtlaýyn ýaşamaga talyp rugsatnamasyny resmileşdirmek we umumy ýaşaýyş jaýlaryna ýerleşdirmek.
Mundan başga-da, kompaniýa käbir uniwersitetleriň okuwa kabul edilende talap edýän giriş depozitleriniň tölenmegine hem ýardam edýär.
GLOBAL ACADEMY kompaniýasynyň ofisleri şu şäherlerde işleýär:
Türkmenabat, Saýat, Garabekewül, Dänew, Boýnuzyn, Seýdi, Mary we Daşoguz.
Kompaniýanyň baş ofisi Stambul şäheriniň Şirinöwler etrabynda ýerleşýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +905059811139, +905070457788, +905521861139