Şu günler Aşgabatda geçirilýän «AgroPack Turkmenistan-2026» halkara sergisi diňe bir ýurduň oba hojalyk pudagyndaky gazananlaryny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem bu ugurda işjeň orun eýeleýän telekeçilik düzümleriniň ägirt uly mümkinçiliklerini hem aýdyň ýüze çykarýar.

Sergide türkmen öndürijileriniň diwarlyklary daşary ýurtly hünärmenleriň aýratyn ünsüni çekdi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri oba hojalyk önümçiligine sanly çözgütleriň ornaşdyrylmagynyň netijeliligini aýdyň görkezdiler. Bu bolsa hasyllylygyň artmagyna hem-de önümleriň hil görkezijileriniň yzygiderli ýokarlanmagyna gönüden-göni ýardam edýär — diýip, TDH agentligi habar berýär.

Türkmenistanyň hususy öndürijileri innowasion hojalyk usullaryny ulanmak arkaly oba hojalyk pudagyny özgertmäge uly goşant goşýarlar.

Täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, ýerleriň özleşdirilmegi, şol meýdanlarda goşmaça oba hojalyk ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilmegi, ýylyň dowamynda gök önümleri öndürmäge mümkinçilik berýän ýyladyşhana hojalyklarynyň döredilmegi hasyllylygyň ýokarlanmagyny üpjün edýär. Bu bolsa içerki bazarlary önümler bilen bolelin üpjün etmäge, şeýle hem eksport edilýän harytlaryň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda türkmen telekeçileri çagalar iýmitleriniň, miwe we gök önüm şireleriniň, et we süýt önümleriniň, konditer önümleriniň, dürli görnüşli konserwirlenen we balyk önümleriniň giň görnüşlerini öndürýärler.

Ýokary hili we ekologiýa taýdan howpsuzlygy bilen tapawutlanýan türkmen öndürijileriniň önümlerine daşary ýurt bazarlarynda uly isleg bildirilýär.