Turkmenportal logo
Düýn 22:46
1026110261
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Malaýziýanyň Premýer-ministri Türkmenistana sapar bilen geler

Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikanynyň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda bellenildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Malaýziýanyň wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «PETRONAS» kompaniýasynyň arasynda täjirçilik şertleri barada Teswirnama gol çekilmeginiň ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen birlikde, Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana amala aşyrjak saparynyň çäklerinde «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «PETRONAS» kompaniýasynyň arasynda önümi paýlaşmak hakynda Ähtnama gol çekilmeginiň meýilleşdirilýändigi bellenildi. Mundan başga-da, Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde ýurtda ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň 30 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahatyň hem-de onuň çäklerinde türkmen-malaý gatnaşyklaryna bagyşlanylan serginiň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.