Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy Täjigistanda geçirilýän Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasynyň (CAFA-2026) çempionatyndaky ilkinji duşuşygynda ýeňiş gazandy.
Birinji tapgyrda türkmen futbolçylary Owganystanyň ýaşlar ýygyndysyny 3:1 hasaby bilen ýeňlişe sezewar etdiler. Duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýlip Ýakupmuhammet Gowşudow ykrar edildi.
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysyna ýaryşda Didar Hajyýew tälim berýär.
Hajyýewiň şägirtleri indiki tapgyrda, 13-nji maýda, ýaryşyň eýeleri bolan Täjigistanyň ýygyndysy bilen duşuşarlar.
Ýaryşa Türkmenistanyň, Owganystanyň we Täjigistanyň ýygyndylaryndan başga-da, Gyrgyzystanyň hem-de Özbegistanyň ýygyndylary gatnaşýar. Toparlar özara bir aýlaw ulgamynda oýnaýarlar, ýeňiji bolsa iň köp utuk toplan topar hökmünde kesgitlenýär.