Turkmenportal logo
Şu gün 09:08
53245324
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen metbugatynyň wekilleri ABŞ-da öňdebaryjy tejribäni öwrenýärler

9-njy maýda ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ybarat topar iş sapary bilen ABŞ-a ugrady. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Türkmen wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Döwlet habarlar agentliginiň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň wekilleri girdi.

Saparyň dowamynda gatnaşyjylar bir aýyň içinde amerikaly kärdeşleriniň emeli aňy žurnalistika işine ornaşdyrmak boýunça ulanýan esasy strategiýalary we gurallary bilen tanyşarlar. Şeýle hem olar emeli aň tehnologiýalarynyň täsirini öwrenip, KHBS ulgamyndaky meseleleri çözmekde emeli aňy we täze tehnologiýalary ulanmak boýunça tejribeleri özleşdirerler.

Bu sapar ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň goldawy bilen Missisipi halkara ösüş konsorsiumy tarapyndan guraldy.