Turkmenportal logo
Şu gün 15:58
63076307
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Londondaky «B2B Exchange» platformasy arkaly Britaniýanyň bazaryna çykýar

Londonda Günbatar London Söwda edarasynyň (West London Chambers of Commerce) baş edarasynda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň hususy pudagynyň wekillerini birleşdiren biznes-missiýa başlady. 11 — 15-nji maý aralygynda geçirilýän bu çäre söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, göni B2B aragatnaşyklaryny ýola goýmaga we türkmen biznesiniň Britaniýanyň hem-de Ýewropanyň bazarlaryndaky eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir.

Çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan Günbatar London Söwda edarasy bilen bilelikde guraldy. Çäräniň bilelikde guraýjysy hökmünde «TurkmenExpo» kompaniýasy çykyş etdi.

Türkmen wekilleriniň düzümine öz önümlerini we hyzmatlaryny hödürlemäge taýýar bolan 20 sany milli kompaniýanyň wekilleri girdi. Britaniýa tarapyndan bu missiýa 40-dan gowrak gurama we kärhana gatnaşýar, olaryň arasynda «Range Rover», «Primark», «Shell», «Score», «APM Fresh», «Fieldfisher», «Make UK», «Berkeley Group» ýaly dünýä belli düzümler we brendler, şeýle hem Kembrij uniwersiteti, London Brunel uniwersiteti, Günbatar London uniwersiteti, «Sanderson Design Group» we «Smart Currency Exchange» bar.

Resmi açylyş dabarasy Günbatar London Söwda edarasynyň baş direktory Alan Raýdsyň gutlag sözi bilen başlandy. Ol Beýik Britaniýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky işewürlik gatnaşyklaryny berkitmegiň ähmiýetini nygtady we britan biznesiniň Merkezi Aziýanyň bazaryna bolan ýokary gyzyklanmasyny belledi. Şu hepdäniň içinde britan kompaniýalary iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasynda has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak üçin Türkmenistana barmak mümkinçiligine serederler.

Şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow gutlag sözi bilen çykyş edip, ýurduň hususy pudagyny ösdürmek we türkmen önümlerini daşary ýurt bazarlaryna çykarmak üçin halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini nygtady. Açylyş dabarasyndan soň hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça gysgaça tanyşdyryşlar boldy.

Esasy üns oba hojalygy we azyk pudagyna, dokma senagatyna, bilime, syýahatçylyga we gurluşyk ulgamyna gönükdirildi.

Günüň ikinji ýarymynda biznes-missiýanyň gatnaşyjylary üçin tanyşdyryş gezelençleri guraldy. Hepdänuň dowamynda täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga we Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen birnäçe B2B duşuşyklary, pudaklaýyn gepleşikler we işewürlik saparlary meýilleşdirilýär.