Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Serdar Berdimuhamedowy Ýeňiş güni bilen gutlady. Degişli gutlag «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi.
«Sizi 9-njy maý bilen gutlaýaryn. Bu mukaddes sene biziň halklarymyzyň ykbalynda müdimilik orun aldy. Ata-babalarymyz egin-egne berip, nesilleriň röwşen geljegini we garaşsyzlygyny goradylar. Onlarça ýyllar geçse-de, Watan gahrymanlarynyň görkezen edermenlikleri baky ýaşaýar» diýlip, gutlag hatynda aýdylýar.
Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň bellemegine görä, janlaryny pida edip, erkinligi bagyş eden gahrymanlar baradaky hakyda geçmişiň külpetini gaýtalamazlyk üçin ahlak ýol görkezijisi bolup durýar.
«Belarusuň we Türkmenistanyň halklarynyň uruş döwrüniň ýowuz synagyndan geçen dostlugynyň hoşniýetli goňşuçylygy, hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin häzirki wagtda hem berk binýat bolmagynda galýandygyna ynanýaryn» diýip, Aleksandr Lukaşenko aýdýar.