Turkmenportal logo
Şu gün 09:21
48584858
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Birža söwdalarynda «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­ni­niň önümleri uly islege eýe boldy

Ge­çen hep­de­de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 17-si ha­sa­ba alyn­dy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy ABŞ-nyň 11 million 375 müň dol­la­ry­na deň bol­dy. Bu barada TDH habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň, Gru­zi­ýa­nyň işe­wür to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­ni­niň kär­ha­na­syn­da ön­dü­ri­len bin­ýat­lyk ýa­gy sa­tyn al­dy­lar. Şeýle hem Tür­ki­ýä­niň, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň, Şweý­sa­ri­ýa­nyň te­le­ke­çi­le­ri­ne ýa­rym fab­ri­kat mit­kal ma­ta­sy, nah ýüp­lük, pag­ta sü­ýü­mi, bug­daý uny, dok­ma önüm­le­ri­niň ga­lyn­dy­la­ry, port­land­se­ment ýer­le­nil­di. 

Ýur­du­ň işe­wür­le­ri içer­ki ba­zar üçin je­mi ba­ha­sy 145 million 420 müň ma­na­da deň bo­lan bin­ýat­lyk ýa­gy­ny («Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­ni), dok­ma önüm­le­ri­niň ga­lyn­dy­la­ry­ny, pag­ta sü­ýü­mi­ni, po­lip­ro­pi­len plýon­ka­sy­ny, me­tal­laş­dy­ry­lan po­lip­ro­pi­len plýon­ka­ny sa­tyn al­dy­lar.