Turkmenportal logo
Düýn 23:58
79217921
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen halkynyň Milli Lideri meşhur özbek aýdymçysy Farruh Zokirowy ýubileý ýaş toýy bilen gutlady

Özbegistan Respublikasynda geçirilen atçylyk sporty boýunça ýaryşlaryň we ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşikleriniň çäklerinde iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Dabara sungat äleminde uly meşhurlyk gazanan Özbegistan Respublikasynyň halk artisti, meşhur aýdymçy Farruh Zokirow hem gatnaşdy. Özbegistanyň sungat ussadynyň ýakynda ýaş toýy toýlandy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow doganlyk ýurduň sungat ussadyny ýubileý toýy bilen gutlap, oňa ýörite sowgat iberdi. Sungat ussady sowgady uly hoşallyk bilen kabul edip, türkmen halkynyň Milli Liderine köp sagbolsun aýtdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.