Ozal habar berşimiz ýaly, Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri, şeýle hem «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen ahalteke bedewleri bu sport hem-de gözellik bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, esasy baýraklara mynasyp boldular.
Iki günläp dowam eden bäsleşikleriň birinji gününde at çapyşyklary ýaýbaňlandyryldy. Atly sportuň yklym derejesindäki möhüm halkara çäresini synlamaga köp ýurtlardan atçylyk pudagynyň işgärleri, Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň medeniýet we sungat ussatlary ýygnandylar. Bu ýerde türkmen hem-de özbek halklaryna medeni mirasyna degişli sergi ýaýbaňlandyryldy. Soňra at çapyşyklarynyň başlanýandygy yglan edildi. Bu günki bäsleşikleriň birinji hem-de ikinji çapuwlarynda iňlis atlary öz aralarynda bäsleşdiler. At çapyşyklarynyň üçünji, dördünji, bäşinji we altynjy çapyşyklarynda ahalteke bedewleri öz aralarynda güýç synanyşdylar. Onda Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň bedewleri dürli aralyklara bäsleşdiler. Onda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Oba hojalyk ministrlikleriniň baýragyny almak ugrundaky ýaryş gyzykly boldy.
Soňra bu ýerde ýeňiji bolan çapyksuwarlara hem-de seýislere Kuboklar, Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Dowamat diýen bedewiň ezber çapyksuwary Orazowa we seýsi Türkmenistanyň halk atşynasy B.Agamyradowa uly hormat bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň baýragy — döwrebap ýeňil awtoulagyň açary, Kuboklar, Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Behişdi ahalteke atlarynyň Aziýanyň çempiony diýen belent ada mynasyp bolmaklary iki ýurduň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösüşinde möhüm taryhy waka öwrüldi.