Düýn Türkmenistanda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy bellenildi. Şanly sene mynasybetli «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak dabarasy boldy.
TDH-de habar berlişi ýaly, ýurtda Ýeňiş güni nesillerde gaýduwsyzlygy, edermenligi, ynsanperwerligi terbiýeleýän şanly sene hökmünde döwlet derejesinde giňden bellenilip geçilýär. Merdana ata-babalaryň gahrymançylygy Watana, halka we tutuş adamzada ak ýürekden gulluk etmegiň nusgalyk mekdebidir. Adamzada parahatçylyk we asudalyk ýaly bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklary peşgeş beren weteranlara ýurtda uly hormat goýulýar. Olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy üçin döwlet tarapyndan ähli şertler döredilýär.

Milli gahrymanlaryny hatyralamak türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däpleriniň biri bolup durýar. Şolaryň arasynda Beýik Watançylyk urşunyň ýowuz söweşlerine gatnaşanlar aýratyn sarpalanylýar. Häzirki döwürde Ýeňiş güni aýratyn dabara bilen bellenilip, ol nesilleriň özara baglanyşygyny, halkyň parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny we geçmişine goýýan belent sarpasyny alamatlandyrýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ildeşlerimize milli gahrymanlar baradaky hakydany gorap saklamagyň we ebedileşdirmegiň mynasyp nusgasyny görkezýär. Döwlet Baştutanynyň uruş weteranlaryna, uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak hakynda Permana gol çekmegi merdana pederleriň Watan öňünde bitiren hyzmatlaryna aýratyn hormat goýulýandygynyň aýdyň beýanydyr.