12 — 14-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Agro Pack Türkmenistan — 2026» atly halkara sergisi geçiriler. Bu barada degişli bildiriş «Türkmenistan» gazetinde çap edildi.
Bu iri çäre oba hojalygynda we azyk senagatynda gazanylan öňdebaryjy tejribeleri hem-de innowasion çözgütleri bir ýere jemleýär.
Sergide ýerli we daşary ýurt kompaniýalary öz önümlerini, häzirki zaman enjamlaryny we hyzmatlaryny giňden tanyşdyrarlar. Azyk önümçiligi, gaplama tehnologiýalary, logistika we degişli ugurlarda täze mümkinçilikler görkeziler. Şeýle hem işewür duşuşyklar geçirilip, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň ýol açylar.
Serginiň iş wagty:
12-nji maýda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
13-nji maýda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli
14-nji maýda sagat 10:00-dan 15:00-a çenli.
Salgysy: Çandybil şaýoly, 143-nji jaý (Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasy).
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-88-81, 39-88-82 (86).