Turkmenportal logo
Şu gün 18:23
27612761
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen atşynaslary «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahata gatnaşdylar

Düýn Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçirilýän atly sport we gözellik bäsleşikleriniň çäklerinde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi.

Oňa jemi 250 sany wekil gatnaşdy. Maslahata Özbegistan Respublikasynyň Sport ministrliginiň, Milli olimpiýa komitetiniň jogapkär işgärleri, Özbegistanyň Atçylyk we atly sport federasiýasynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň atly sport federasiýalarynyň wekilleri, Özbegistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň agzalary, ylmy-akademik toparlaryň hünärmenleri, alymlar, bilermenler hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar diýip, «UzA» habar berýär.

Maslahatyň dowamynda atçylygy we atly sporty ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, ylmy çemeleşmeleri iş ýüzünde ornaşdyrmak we milli däp-dessurlary aýawly saklamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Özbegistanyň Atçylyk we atly sport federasiýasynyň başlygy Bahromjon Goziýew öz çykyşynda ahalteke bedewleriniň taryhy ähmiýeti, bu owadan atlaryň halkara meýdançasyndaky orny barada durup geçdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, şu günler Daşkent şäherinde atly sport we gözellik bäsleşikleri hem geçirilýär. Oňa ýerli sportçulardan başga-da Türkmenistandan, Täjigistandan, Gazagystandan we Russiýa Federasiýasyndan jemi 100-den gowrak türgen gatnaşýar.