Turkmenportal logo
Şu gün 15:43
15911591
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Daşary ýurtly kärdeşleri Türkmenistanyň Prezidentini Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy bilen gutladylar

Şu gün Türkmenistanda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy giňden bellenilýär. Bu sene mynasybetli daşary ýurtlaryň birnäçesiniň Liderleri we döwlet işgärleri Türkmenistanyň Prezidentine öz gutlaglaryny ýolladylar. Hususan-da, Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň adyna Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewden, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewden, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowdan, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmondan, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewden, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary Dmitriý Kobiskiýden, Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň kollegiýasynyň başlygy Bakytžan Sagintaýewden, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustinden hem-de Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Dmitriý Medwedewden gutlaglar gelip gowuşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Daşary ýurtly kärdeşleri tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentine iberilen gutlaglarda bu senäniň pederleriň Beýik Watançylyk urşunda görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygynyň, edermenliginiň nyşany bolup durýandygy, bu ýowuz synagyň halklary parahatçylyk we azatlyk ugrundaky göreşde jebisleşdirendigi nygtalýar.

Gutlaglarda Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk, abadançylyk hem-de Türkmenistanyň we onuň halkynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikler arzuw edilýär.

Gutlaglaryň doly mazmuny TDH-niň saýtynda çap edildi.