6-njy maýda Türkmenistanyň ilçihanasynyň wekilleri ilçi A.Möwlamowyň ýolbaşçylygynda häzirki wagtda Yslamabatdan, takmynan, 30 minut ýol uzaklykda gurulýan Pakistanyň iň uly «akylly» şäher taslamasy bolan «Capital Smart City» toplumyna baryp gördüler.
Saparyň dowamynda wekiliýete 1,7 milliondan gowrak ýaşaýjyny ýerleşdirmek üçin niýetlenen täze «akylly» şäheriň baş meýilnamasy we ösüş konsepsiýasy barada giňişleýin maglumat berildi. Bu barada Türkmenistanyň Yslamabatdaky diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Tanyşdyryş çäresiniň çäklerinde ilçihananyň wekilleri esasy gurluşyk taslamalary we infrastruktura başlangyçlary bilen tanyşdylar. Taslama häzirki zaman ýaşaýyş jaýlaryny we söwda merkezlerini, ösen ulag infrastrukturasyny, maliýe merkezini, bilim we saglygy goraýyş edaralaryny, şeýle hem syýahatçylyk we dynç alyş desgalaryny öz içine alýar. Mundan başga-da, taslamada myhmanhanalar, sergi meýdançalary hem-de halkara derejesindäki golf meýdançasy göz öňünde tutulan.
Şeýle-de, «akylly» ulag dolandyryş ulgamlary, sanly howpsuzlyk çözgütleri, wideo gözegçilik torlary, häzirki zaman energetika we telekommunikasiýa infrastrukturalary ýaly «akylly» tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berildi.
Saparyň ahyrynda taraplar durmuşa geçirilýän çözgütleriň ýokary derejesini aýratyn belläp, şähergurluşyk we innowasion tehnologiýalar ugurlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmäge gyzyklanma bildirdiler diýlip, habarda bellenilýär.