Turkmenportal logo
09.05.26
5892758927
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda geçirilen «Ölmez-ýitmez polk» çäresine 1,2 müňden gowrak adam gatnaşdy

Aşgabatdaky A.S. Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň çäginde «Ölmez-ýitmez polk» atly çäre geçirildi. Oňa 1,2 müňden gowrak okuwçy, mugallym, uruş weterany we beýleki myhmanlar gatnaşdy.

«Şu gün, 9-njy maýda, eýýäm ýagşy däbe öwrülen çäräniň esasynda biz «Ölmez-ýitmez polkuň» hataryna goşulyp, öz dogan-garyndaşlarymyzyň gahrymanlarynyň suratlary bilen ýörişe çykarys we: «Biz ýatdan çykarmaýarys, biz buýsanýarys» diýeris. Hormatly ýaşlar, hut siziň üçin ata-babalaryňyzyň görkezen gahrymançylygyny ýatda saklamak aýratyn möhümdir. Sebäbi siziň eliňizdäki her bir surat — bu maşgalanyň we ýurduň janly taryhy, Ýeňşiň ýyl ýazgysynyň beýanydyr» — diýip, çäräniň açylyşynda Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin aýtdy.

Onuň sözlerine görä, gatnaşyjylaryň ata-babalary frontda söweşipdirler, tylda zähmet çekipdirler we iň agyr ýyllarda çydamlylyk hem gaýduwsyzlyk görkezip, häzirki parahat asmany, okamaga, ulalmaga we arzuw etmäge mümkinçilik döredipdirler.

«Olaryň gahrymançylygy bakydyr we siziň ýürekleriňizde ýaşamagyny dowam etdirer. Ýeňşi gazanan ata-babalaryňyzyň mynasyp nesilleri boluň. Goý, olara bolan çuňňur sarpa sizi has güýçli, jebis we paýhasly etsin» — diýip, diplomat ýaşlara arzuw etdi.

Bu çäre mekdepde 2015-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Çäre başlamazyndan öň okuwçylar uruş baradaky goşgulary okadylar.