Turkmenportal logo
Şu gün 12:46
53545354
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň günbatar sebitiniň durmuş-ykdysady ösüşiniň görkezijileri mälim edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 8-nji maýda Balkanda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdy, şol sanda Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerine seredildi, şeýle hem käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada TDH habar berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ulag we aragatnaşyk toplumynyň garamagyndaky ministrliklerde, döwlet gulluklarynda Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda welaýat boýunça ulagyň ähli görnüşleriniň ýük we ýolagçy dolanyşygy babatda netijeli işler amala aşyryldy. Welaýatyň aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek babatda hem giň gerimli işler durmuşa geçirildi. Welaýatdaky görkezijiler ulgama birikdirilen simli aragatnaşyk belgileri boýunça 10,3 göterime, öýjükli aragatnaşyk belgileri boýunça 15,4 göterime, internet ulanyjylaryň sany boýunça 13 göterime deň boldy. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda 185 kilometr optiki-süýümli aragatnaşyk kabeli çekildi.

Hasabat döwründe welaýatyň ulag ulgamynda netijeli işler amala aşyryldy. Hususan-da, welaýat boýunça demir ýol ulagynda ýük we ýolagçy dolanyşygynda gazanylan netijeler barada aýdyldy. Balkanabat şäherinde ulanmaga berlen döwrebap awtotürgenleşik meýdançasy we täze awtomenzil ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrdy. Häzirki wagtda welaýatdaky awtoulag kärhanalary tarapyndan 70-den gowrak ugur boýunça awtobus gatnawlary yzygiderli amala aşyrylýar. Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde düýpli abatlaýyş işleri geçirildi we täze Balkanabat Halkara howa menzili gurlup ulanmaga berildi.

Hasabat döwründe “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda deňiz gämileriniň birnäçesi abatlanyldy. Şeýle hem wise-premýer bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda ilkinji gezek “Gadamly” gury ýük gämisiniň gurlup ulanylyşa goýberilendigini aýtdy. Munuň özi Hazar deňziniň kenaryndaky kuwwatly deňiz porty bolan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň mümkinçilikleriniň dünýä derejesine çykandygynyň aýdyň güwäsidir.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkara üstaşyr ulag gatnawlary üçin amatly şertleri döretmek arkaly ýurdumyzyň, şol sanda Balkan welaýatynyň logistik mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň, Türkmenbaşy we Balkanabat Halkara howa menzilleriniň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işini talabalaýyk alyp barmagyň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutany wise-premýere «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gämigurluşyk taslamalaryny yzygiderli durmuşa geçirmegi tabşyrdy.