Garyşyk başa-baş söweş sungaty (MMA) boýunça türkmen türgeni Ata Atdaýew 8-nji maýda Abu-Dabide geçirilen UAE Warriors 70 ýaryşynda täjigistanly türgen Jafarali Nuraliýewi ýeňdi.
Iň ýeňil agram derejesinde geçirilen tutluşyk ikinji raundda tamamlandy. Atdaýew garşydaşyny agyryly tilsim — yz tarapyndan bogujy usul (rear naked choke) arkaly boýun egmäge mejbur etdi.

Bar bolan maglumatlara görä, türkmen türgeni tutuş tutluşygyň dowamynda artykmaçlygy elinde saklap, depgini kesgitledi we amatly ýagdaýy saýlap çykyş etdi. Bu ýeňiş Atdaýewiň sport ýolundaky altynjy ýeňşi boldy. Şeýlelikde, ol alty söweşde hem ýeňiş gazanyp, ýeňilmedik türgen derejesini saklady.
UAE Warriors — Abu-Dabide ýerleşýän garyşyk başa-baş söweş sungaty ligasydyr. Gurama 2012-nji ýyldan bäri MMA ýaryşlaryny geçirip gelýär hem-de geljegi uly täze türgenlerden başlap, halkara tejribeli ussat türgenlere çenli dürli derejedäki gatnaşyjylary özüne çekýär.