Turkmenportal logo
Şu gün 10:57
48504850
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Balkan» gämi gurluşyk zawodyna halkara güwänamalar gowşuryldy

«Gadamly» täze gury ýük gämisiniň ulanyşa girizilmegi mynasybetli geçirilen dabaranyň dowamynda «Koryo Shipbuilding Industry Technology» kompaniýasynyň prezidenti Çhwe Ýon-Uk çykyş edip, «Balkan» gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodyna täze gäminiň gurluşygynda gazanylan öňdebaryjy inženerçilik çözgütleri hem-de gurnama işleriniň ýokary hili üçin ýörite halkara güwänamalary gowşurdy.

Ol «Gadamly» gury ýük gämisiniň gurluşygynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen hemmeleri gutlap, bu wakanyň Türkmenistanyň ähli ugurlarda, aýratyn-da ulag-logistika ulgamynda sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini görkezýän taryhy ähmiýetli waka bolandygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda täze gury ýük gämisiniň gurulmagy bilelikdäki tagallalaryň aýdyň netijesidir. Bu kärhananyň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň esasy düzüm birlikleriniň biri hökmünde häzirki zaman halkara ýük daşamalaryny ýerine ýetirip bilýän gämileri gurmak mümkinçiliklerine eýe bolandygyny görkezýär — diýip, TDH agentligi  habar berýär.

Soňra «Bureau Veritas Marine and Offshore» (Fransuz Respublikasy) kompaniýasynyň menejeri Samat Kamalow çykyş edip, «Gadamly» gury ýük gämisiniň gurluşygynyň üstünlikli tamamlanmagy mynasybetli we täze gäminiň ýokary halkara görkezijilere laýyk gelýändigini nazara alyp, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna hem-de gäminiň özüne ýörite güwänamalary gowşurmagy özi üçin uly hormat hasaplaýandygyny nygtady. Onuň bellemegine görä, «Gadamly» gury ýük gämisi häzirki zaman ekologiki ölçeglerine laýyklykda guruldy. Munuň özi bu kärhananyň gämi gurluşygy babatda dünýäniň ösen tejribelerine laýyk gelýän strategik çemeleşmeleriniň we bu ugry ösdürmäge bolan gyzyklanmalarynyň aýdyň netijesidir – diýip, Kamalow belledi.