Turkmenportal logo
Şu gün 10:53
53915391
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Trampy futbol boýunça dünýä çempionatynyň giriş petekleri haýran galdyrdy
Surat: Surat: rg.ru

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp öňde duran dünýä çempionatynyň oýunlaryna giriş peteklerini gymmatlygy sebäpli satyn almakdan saklanjakdygyny habar berdi. Amerikan lideri, mysal üçin, ABŞ bilen Paragwaýyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň 1 müň dollardygyna ünsi çekip: «Men beýle gymmatdyr öýtmeýärdim. Elbetde, oýny görerdim, ýöne munça pula petek satyn almazdym» diýdi.

Futbol boýunça dünýä çempionaty 11-nji iýundan 19-njy iýul aralygynda geçer. Oýunlar birbada üç ýurduň – ABŞ-nyň, Kanadanyň we Meksikanyň stadionlarynda bolar. Oýunlaryň giriş petekleri 100 dollardan 6370 dollar aralygynda satylar. Bu barada «The New York Times» gazetine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

FIFA-nyň öňde duran çempionatyň final duşuşygynyň petekleriniň bahasyny üç esse gymmatladandygyny «rg.ru» habar berdi. Ýagny 19-njy iýulda Nýu-Jersi ştatynyň Ist-Raterforddaky «MetLife» stadionynda boljak oýnuň giriş petegine 32 970 dollar baha kesildi.