Turkmenportal logo
Şu gün 10:46
36843684
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«El-Klasiko» we dynç günleriniň esasy duşuşyklary: Belet platformasynda futbol oýunlarynyň tertibi

Ýewropa futbolynyň muşdaklaryny baý mazmunly futbol oýunlarynyň dynç güni garaşýar. Belet platformasynyň abunaçylary Ýewropanyň öňdebaryjy ligalarynyň duşuşyklaryny — Angliýanyň Premýer-ligasyndan başlap Italiýanyň Seriýa A ligasyna çenli oýunlary görüp bilerler.

Dynç günleriniň esasy wakasy «El-Klasiko» bolar — ýekşenbe gijesinden duşenbä geçilýän gije, 11-nji maýda «Barselona» kluby «Real Madrid» bilen duşuşar. Oýun Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlanar.

Premýer-liga 9-njy maýda — şenbe güni öz oýunlarynyň tertibini açar: 16:30-da «Liwerpul» kluby «Çelsi» bilen oýnar, 19:00-da «Sanderlend» kluby «Mançester Ýunaýted» toparyny kabul eder, 21:30-da bolsa «Mançester Siti» kluby «Brentford» bilen duşuşar. Ýekşenbe güni, 10-njy maýda 20:30-da «West Hem» bilen «Arsenalyň» arasyndaky duşuşyk geçiriler.

Seriýa A ligasynda 9-njy maýda 21:00-da «Lasio» bilen «Inter», 23:45-de «Leççe» bilen «Ýuwentus» duşuşar. 10-njy maýda 23:45-de «Milan» «Atalanta» bilen güýç synanyşar.

Bundesligada «Wolfsburg» bilen «Baýern» klublarynyň duşuşygy 9-njy maýda 21:30-da geçiriler.

Fransiýanyň Ligue 1 ligasynda duşenbe gününe geçilýän gije 00:00-da iki duşuşyk bolar: «Monako» — «Lill» we «PSŽ» — «Brest».

Türkiýäniň Superligasynda 9-njy maýda 22:00-da «Galatasaraý» kluby «Antalýaspor» bilen duşuşar.

Ähli oýunlary Belet platformasynda «Premium» abunasy arkaly görüp bolýar.