Turkmenportal logo
Şu gün 10:30
13041304
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BSGG: dünýäde Andes hantawirusynyň sanjymy we ýörite bejergisi heniz ýok
Surat: belta.by

Dünýäde häzirki wagtda Andes hantawirusynyň bejergisi üçin rugsat berlen sanjymlardyr ýörite bejergi usullary ýok. Bu barada Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň hünärmeni Anais Legan «MV Hondius» syýahatçylyk gämisinde ýokanjyň hasaba alynmagyna bagyşlanan metbugat ýygnagynda habar berdi diýip, TASS ýazýar.

BSGG halkara ylmy jemgyýetçiligiň hantawirusy öwrenmek hem-de bu topara degişli bolan howply ýokançlardan goranmak boýunça işleri dowam etdirýändigini habar berýär. Hünärmen häzirki döwürde kesele garşy esasy çäräniň öz wagtynda lukmançylyk kömeginiň berilmegi we ýokanjyň ýaýramagyna gözegçilikdigini nygtady.