Turkmenportal logo
Şu gün 10:26
43334333
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini Ýeňiş güni bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, asuda we abadan durmuş, egsilmez bagt, bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly barýan Watanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gutlagynda: «Pederlerimiz parahatçylyk we asudalyk, abadan durmuş ugrundaky aldym-berdimli söweşlerde belent ahlak sypatlaryny, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň, hakyky watançylygyň ajaýyp nusgasyny görkezdiler. Ata-babalarymyzyň gahrymançylykly ýoly Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe külli adamzadyň azatlygy, erkinligi ugrunda göreşe çykan, gije-gündiz zähmet çekip, şanly Ýeňşi ýakynlaşdyran watandaşlarymyzyň mertebesi belent tutulýar. Ýurdumyzda ýowuz urşa gatnaşanlar hem-de olaryň maşgala agzalary aýratyn üns-alada bilen gurşalýar.

Ýeňiş gününde Aşgabat şäherindäki «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna, ähli şäherlerimizdir obalarymyzda umumymilli hakydanyň mukaddes ýerlerine öwrülen ýadygärliklere ter gül desseleri goýlup, hakyky Watan ogullarynyň ýagty ýadygärligini hatyralamak asylly däbe öwrüldi. Eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde gahrymanlaryň öçmejek harby we zähmet edermenligini beýan edýän, bagtyýar durmuşymyzy wasp edýän aýdym-sazly çäreler, sergilerdir maslahatlar guralýar. Ähli edara-kärhanalarda, harby bölümlerde, orta we ýokary okuw mekdeplerinde uruş weteranlary, arzyły Ýeňşi gazanmaga uly goşant goşan milli gahrymanlarymyz, kümüş saçly enelerimiz, zähmetkeşler bilen ýaş nesli belent watançylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge ýardam edýän duşuşyklar geçirilýär. Ýeňiş güni mynasybetli uruş weteranlaryna, uruşda wepat bolanlaryň maşgalalaryna, Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Siziň adyňyzdan sowgatlar gowşurylýar. Bagtyýar döwrümize guwanyp ýaşaýan, dili senaly ýaşulular döwlet tarapyndan döredilýän durmuş ýeňillikleri üçin Size tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan edýärler» diýip belledi.

Gutlag hatynyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow: «Sizi parahatçylygy we ynsanperwerligi dabaralandyrýan Ýeňiş güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, belent başyňyzyň aman, mertebäňiziň belent bolmagyny, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine amala aşyrýan beýik işleriňiziň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin. Goý, asmanymyz asuda, dünýämiz elmydama parahat bolsun!» diýip, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.