Turkmenportal logo
Düýn 22:52
96589658
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we Bitaraplyk kafedrasy açylar

Bilim babatda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleri yzygiderli dowam etdirmek we syýasy diplomatik taýdan uly ähmiýetli parahatçylyk, Bitaraplyk ugurlary boýunça ylym-bilimi ösdürmek, halkara gatnaşyklaryny ýurduň bähbidine mynasyp wekilçilik edip biljek ýokary bilimli diplomatik işgärleri taýýarlamak, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti resminama gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. 

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we Bitaraplyk kafedrasyny açmak bellenildi hem-de şu institutyň gurluşy tassyklanyldy. Daşary işler ministrligine Bilim ministrligi bilen bilelikde Halkara gatnaşyklary institutynyň 2026-2027-nji okuw ýylyndan başlap, taýýarlygyň Parahatçylyk we Bitaraplyk ugry boýunça magistr okuw meýilnamalaryny halkara ölçeglerine laýyklykda bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlaryna tassyklamaga bermek, şeýle-de Adalat ministrligi bilen bilelikde resminamadan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň Kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.