Turkmenportal logo
Düýn 22:48
89178917
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti «Gadamly» atly täze gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasyna gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşy şäherindäki «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gurlan «Gadamly» atly täze gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasyna gatnaşdy. Şeýle hem döwlet Baştutany bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti dabaranyň dowamynda çykyş edip, häzirki wagtda gadymy Ýüpek ýolunyň döwrebap usulda dikeltmek ugrunda möhüm tagallalaryň edilýändigini, bu ugurda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde hem netijeli işleriň alnyp barylýandygyny, 2018-nji Gahryman Arkadagyň tagallalary bilen zawodyň işe girizilendigini belledi. Nygtalyşy ýaly, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gurlan «Gadamly» gämisi gury ýükleri götermäge niýetlenendir. Onuň ýük göterijiligi 6 müň 100 tonna bolup durýar. Häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen bu gämi 20 tonnalyk 240 sany ýük konteýnerlerini daşamaga ukyplydyr. Gämi gurluşyk taslamasyny amala aşyrmakda ýerli hünärmenler koreýaly hyzmatdaşlar bilen netijeli işleri alyp bardylar hem-de hyzmatdaşlygyň netijesinde şu ýyl «Merdem» atly ýene bir ýük gämisi ulanmaga berler. Ýurtda ýük gämileriniň ulanmaga berilmegi milli deňiz-söwda flotynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam berer. Şeýle hem Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen ugradylýan hem-de ýurda getirilýän üstaşyr geçirilýän ýükleriň möçberini artdyrar.

Dabaranyň dowamynda «Gadamly» gury ýük gämisiniň halkara ülňülerine doly laýyk gelýändigini alamatlandyrýan halkara derejeli ýörite Güwänamalar gowşuryldy. Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ak patasy bilen «Gadamly» gury ýük gämisi ýüzüşe goýberildi.