Turkmenportal logo
Düýn 21:20
55945594
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan we HZG 2026–2027-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk meýilnamasyna gol çekdiler

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkezi bilen Halkara zähmet guramasy 2026–2027-nji ýyllar üçin bilelikdäki çäreleriň meýilnamasyna gol çekdiler. Resminama HZG-nyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça zähmetkeşler meseleleri bölüminiň ýolbaşçysy Sergius Glowaskasyň Aşgabada amala aşyran saparynyň dowamynda ylalaşyldy.

Gol çekişlik 8-nji maýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkezinde geçirilen «Zähmetkeşleriň hukuklaryny goramak we halkara zähmet standartlary» atly okuw maslahatynyň çäklerinde geçirildi. Çärä ýurduň kärdeşler arkalaşyklarynyň wekilleri, bilermenler we hünärmenler gatnaşdylar.

Täze meýilnama 2025-nji ýyl üçin maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň dowamy bolup, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça umumy maksatlary özünde jemleýär. Resminamada okuw maslahatlaryny, bilim çärelerini geçirmek, şeýle hem zähmetkeşleriň hukuklaryny goramak, durmuş hyzmatdaşlygyny ösdürmek we halkara zähmet standartlaryny ulanmak bilen bagly esasy meseleler boýunça tejribe alyşmak göz öňünde tutulýar.

Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistan bilen HZG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini, ilaty iş bilen üpjün etmek hem-de ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet şertleriniň berjaý edilişi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. 2025-nji ýylyň sentýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasyna aýratyn üns berildi.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Konsepsiýanyň durmuşa geçirilmegi ilaty iş bilen üpjün etmek ulgamyndaky milli syýasaty kämilleşdirmekde, halkara guramalar we daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm ädim bolar. Şeýle hem resminama HZG-nyň konwensiýalaryna goşulmak we olary milli kanunçylyga hem-de amalyýete netijeli ornaşdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmäge ýardam eder.

Maslahatda halkara zähmet standartlary we zähmetkeşleriň hukuklaryny goramagyň döwrebap gurallary, Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň işgärleriň durmuş-zähmet hukuklaryny goramakdaky orny, zähmet hukuklaryny goramagyň sebit tejribesi, şeýle hem milli kanunçylykdaky hukuk gorag mehanizmleri boýunça çykyşlar diňlenildi.

Gatnaşyjylar zähmet bazarynyň üýtgeýän şertlerinde iş bilen üpjünçiligiň täze görnüşleriniň döremegi we sanlylaşdyrma döwründe halkara zähmet standartlaryna dogry düşünmegiň hem-de olary netijeli ulanmagyň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtadylar. HZG-nyň çäklerinde işlenip taýýarlanan bu standartlar zähmetkeşleriň hukuklaryny goramak, adalatly zähmet şertlerini üpjün etmek we durmuş durnuklylygyny berkitmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär.