Amerikaly işewür, CNN teleýaýlymynyň esaslandyryjysy Ted Terner 87 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada teleýaýlym «Turner Enterprises» kompaniýasynyň metbugat habarnamasyna salgylanyp habar berdi diýip, «INTERFAX.RU» ýazýar.
Terner 1938-nji ýylda ýurduň Ogaýo ştatynyň Sinsinnati diýen ýerinde dünýä indi. 1970-nji ýylda «Turner Broadcasting System» telekorporasiýasyny esaslandyryp, onuň prezidenti boldy. Soňra «Cable News Network» (CNN) telebekedini döretdi. CNN dünýäde ilkinji gije-gündiz işleýän teletor boldy.
1991-nji ýylda Terner «Time» žurnaly tarapyndan ýylyň adamy diýlip atlandyryldy. Ol şeýle-de TBS göwün açyşlyklar konglomerantynyň, «Turner Entertainment» kinokompaniýasynyň, TNT teleýaýlymynyň, «CNN-radio» we beýleki onlarça media-kompaniýalaryň esaslandyryjysy hem-de ýolbaşçysy boldy.
«Forbes» žurnalynyň bahalandyrmasyna görä, Ted Terneriň emlägi 2023-nji ýylda 2,4 milliard amerikan dollaryna deň boldy.