Turkmenportal logo
Şu gün 10:35
61386138
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BMG-niň Nýu-Ýorkdaky münberinde Türkmenistanyň migrasiýa ulgamyndaky milli syýasaty tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Amanmuhammet Sazakow 5-8-nji maý aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň howandarlygynda geçirilen Migrasiýa meselelerine syn bermek boýunça ikinji halkara forumda Türkmenistana wekilçilik etdi.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň saýtynda berilýän habara görä, A.Sazakow forumyň plenar mejlisinde eden çykyşynda ýurduň köptaraplaýyn özara hereketleriň, halkara raýdaşlygyň we ynsanperwerlik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklady.

Türkmenistanyň halkara hukugyň kadalaryna, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, Migrasiýa baradaky Ählumumy ylalaşygyň maksatlaryny milli meýilnamalara, kanunçylyga we durnukly ösüş maksatnamalaryna ornaşdyrmak arkaly, onuň düzgünlerini yzygiderli durmuşa geçirýändigi aýratyn bellenildi. Bu işler pudagara özara hyzmatdaşlygyň esasynda, Milli utgaşdyryjy mehanizm arkaly amala aşyrylýar.  
Şu nukdaýnazardan, ýurtda şahsyýeti tassyklaýan resminamalar ulgamyny kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler aýratyn bellenildi. Hususan-da, Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň (ICAO) halkara standartlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan köp derejeli gorag ulgamy bilen üpjün edilen biometrik maglumatly häzirki zaman resminamalary şeýle hem ýaşamak üçin ygtyýarnamalar berilýär. 
Çykyşyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynda öňe süren Sanly integrasiýa boýunça bütindünýä platformasyny döretmek baradaky başlangyjynyň ähmiýeti hem aýratyn nygtaldy. Deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan bu taslama migrasiýa ulgamyna kämil maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga ýardam eder. 

Türkmen tarapy migrasiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge, özara hereketleriň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny giňeltmäge, sanly maglumat we tejribe alyşmagy ösdürmäge, şeýle hem durnukly ösüş we ynsanperwer hyzmatdaşlyk babatda halkara maksatnamalaryny hem-de başlangyçlaryny amala aşyrmaga gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.

Migrasiýa meselelerine syn bermek boýunça ikinji halkara forum howpsuz, düzgünleşdirilýän we kanuny migrasiýa hakynda Ählumumy ylalaşygyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşmak, öňdebaryjy halkara tejribesini alyşmak hem-de migrasiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek boýunça mundan beýläkki çemeleşmeleri işläp düzmek üçin esasy ählumumy hökümetara meýdançasy hökmünde çykyş etdi.

Foruma BMG-ä agza döwletleriň ýokary derejeli wekilleri, halkara guramalarynyň, şol sanda Halkara migrasiýa guramasynyň we BMG-niň ulgamynyň degişli düzümleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem raýat jemgyýetiniň we bilmenler toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.