Turkmenportal logo
Şu gün 07:55
94359435
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Rabindranat Tagoryň doglan gününiň 165 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda medeni çäre geçirildi

7-nji maýda Aşgabat şäherindäki Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynda beýik hindi şahyry we akyldary Rabindranat Tagoryň doglan gününiň 165 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.

Çärä Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleri, jemgyýetçilik işgärleri, şeýle hem Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hindi dilini öwrenýän talyplar gatnaşdylar — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Mälim bolşy ýaly, Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynda dünýäniň dürli ýurtlarynyň meşhur ýazyjylaryna we akyldarlaryna bagyşlanan ýadygärlikler ýerleşdirilendir. Şol ýerde Rabindranat Tagora hem ýadygärlik oturdylyp, onuň ýanynda ýoga boýunça görkezme çykyşlary geçirildi, aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi. Şeýle hem türkmen ýokary okuw mekdebiniň talyplary tarapyndan şahyryň goşgulary çeper okaldy.

Türkmenistanyň Hindistandaky ilçisi Bandaru Wilsonbabu dabaranyň gatnaşyjylarynyň öňünde çykyş edip, şahyryň dünýägaraýşynyň esasy mazmunynyň hoşniýetlilik, ynsanperwerlik we özara hormat goýmak ýaly gymmatlyklara esaslanýandygyny aýratyn belledi.

Diplomat öz çykyşynda şeýle diýdi:

«Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän bu ajaýyp seýilgähde Rabindranat Tagoryň ýadygärliginiň oturdylmagy Hindistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň aýdyň nyşanydyr. Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda iki dostlukly ýurduň hyzmatdaşlygynyň ýakyn ýyllarda täze belentliklere ýetjekdigine ynanýaryn».

Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary G. Myradalyýew hem öz çykyşynda şeýle belledi:

«Rabindranat Tagor diňe hindi halkynyň däl-de, eýsem tutuş adamzadyň şahyrydyr. Onuň eserleri serhetleri bilmeýär — olar dürli halklaryň adamlarynyň kalbynda dostluk, parahatçylyk we ynsanperwerlik baradaky çuňňur düşünjeleri oýarýar. Şahyryň we akyldaryň baý döredijilik mirasy Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde, aýratyn-da halkara gatnaşyklary we medeniýet bilen baglanyşykly ugurlarda giňden öwrenilýär. Onuň baý döredijilik mirasy türkmen we hindi halklarynyň arasynda dostluk köprüsi bolup hyzmat edýär».

Hindi ýazyjysy, şahyry, sazandasy, suratkeşi we magaryfçy Rabindranat Tagor 1913-nji ýylda «Gitanjali» atly goşgular ýygyndysy üçin edebiýat boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolan ilkinji ýewropaly däl şahyr boldy. Bu abraýly baýrak oňa «çuňňur duýgy bilen ýazylan, täsirli we ajaýyp goşgulary arkaly öz iňlis dilindäki şahyrana pikirlerini Günbatar edebiýatynyň bir bölegine öwürendigi üçin» gowşuryldy.