Turkmenportal logo
Düýn 11:29
1240012400
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
2026-njy ýylda Lebap welaýaty 4,56 milliard manat möçberindäki maýa goýumy özleşdirer — bu ýurduň ähli döwlet maýa goýumlarynyň 11%-ine deňdir

2026-njy ýylda Lebap welaýaty soňky ýyllaryň iň uly maýa goýum meýilnamalarynyň birini durmuşa geçirýär: durmuş-ykdysady ösüşiň döwlet maksatnamasynyň çäginde sebit üçin 4,56 milliard manatdan gowrak düýpli maýa goýum serişdesi bölünip berildi, bu bolsa ýurt boýunça umumy maýa goýum möçberiniň 11,1%-ine deňdir. Bu puluň 70%-inden gowragy, takmynan, 3,28 milliard manady gönüden-göni önümçilik desgalarynyň gurluşygyna we döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilýär diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Energetika we gaz senagaty

Welaýat ýurduň esasy gaz çykarýan sebiti hökmündäki ornuny saklap galýar. 2026-njy ýylda 21,5 milliard kub metr tebigy gaz, 112,3 müň tonna suwuklandyrylan gaz, 448,3 müň tonna nebit we kondensat çykarmak meýilleşdirilýär. Seýdidäki nebiti gaýtadan işleýän zawodda wodorod gazyny arassalamak we onuň konsentrasiýasyny ýokarlandyrmak toplumynyň, şeýle hem gije-gündizde 145,9 müň kub metr kuwwaty bolan suw üpjünçilik ulgamynyň gurluşygy dowam eder. Elektroenergetika pudagynda welaýat 4,3 milliard kWt/sag energiýa öndürmegi maksat edinýär. Şu ýylda kuwwaty 200 MWt bolan Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň gaz turbina desgalaryny utgaşykly iş tertibine geçirmek meýilleşdirilýär.

Himia senagaty

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmenabat himiýa zawodynda ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfatyny öndürjek toplumyň gurluşygy alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, Halaç we Saýat etraplarynda degişlilikde, 10 müň we 12 müň tonna mineral dökün saklamaga niýetlenen ammarlar gurulýar.

Gurluşyk serişdeleri

Köýtendag etrabynda şu ýyl ýyllyk kuwwaty 1 million tonna bolan Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyry işe girizilýär. Bu bolsa sebitde sementiň umumy önümçiligini 1,86 million tonna ýetirmäge mümkinçilik berer. Döwletli etrabynyň Dostluk şäherçesinde bolsa ýylda 250 müň tonna gury gurluşyk garyndylaryny we 20 million inedördül metr gipsokarton öndürýän zawodyň açylmagy meýilleşdirildi.

Dokma we halyçylyk

Welaýatyň kärhanalary 24,4 müň tonna nah ýüplük, 10 million inedördül metrden gowrak nah mata, 155,6 müň inedördül metr tebigy ýüpek we 84 müň inedördül metr haly önümlerini öndürmegi meýilleşdirýärler. Şeýle hem Halaç etrabynda täze haly sehi gurlar.

Oba hojalygy

Sebitde 18 sany döwrebap ýyladyşhana hereket edýär, ýene 19-sy bolsa gurluşyk tapgyryndadyr. 2026-njy ýylyň hasyl meýilnamalary: gök önümler — 300 müň tonna, ýeralma — 136 müň tonna, bakja önümleri — 168 müň tonna, miweler we ir-iýmişler — 47 müň tonna, üzüm — 19 müň tonna.

Söwda we durmuş ulgamy

Bölek satuw haryt dolanyşygynyň 5,37 milliard manatdan geçjekdigi çaklanylýar, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 10,7% ösüş diýmekdir. Bölek satuw söwdasynda hususy pudagyň paýy 90%-e ýeter. Durmuş maksatly desgalardan 2026-njy ýylda Farap we Çärjew etraplarynda mekdepleri (600 we 400 orunlyk), Türkmenabat mugallymçylyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumyny we 2 müň orunlyk talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýyny ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.

Aprel aýynda ýurduň Prezidenti Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň (Mary — Türkmenabat böleginiň) dabaraly açylyşyna gatnaşdy, şeýle hem Türkmenabatda sebit ösüşiniň meselelerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.