Turkmenportal logo
Şu gün 09:44
34663466
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda himiýa, fizika, informatika we matematika boýunça mekdep olimpiadalarynyň jemleri jemlendi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlarynyň arasynda geçirilen ders olimpiadalarynyň jemleri jemlendi.

Saýlama tapgyry onlaýn görnüşinde geçirildi, jemleýji tapgyr bolsa ýüzbe-ýüz görnüşinde guraldy. Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndan finala çykan okuwçylar welaýat merkezlerinde ýörite bellenen bilim edaralaryna çagyryldy.

Jemleýji tapgyryň netijeleri boýunça 24 okuwçy baýrakly orunlara mynasyp boldy. Dört ders ugrunyň her biri boýunça 6 okuwçy ýeňiji diýlip yglan edildi — «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Matematika boýunça birinji orny Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň 12-nji mekdebiniň okuwçysy Şyraly Meredow eýeledi. Ikinji orna Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň 40-njy mekdebiniň okuwçysy Bilbil Hanowa we Balkan welaýatynyň 2-nji mekdebiniň okuwçysy Yhlas Annameňliýew mynasyp boldy. Üçünji orny Mary welaýatynyň Şatlyk şäherindäki takyk we tebigy ugurly dersler çuňlaşdyrylyp öwredilýän 12-nji ýöriteleşdirilen mekdebiň okuwçylary Aýşat Işangulyýewa, Myrat Meretdurdyýew we Şatlyk Guwanjow paýlaşdylar.

Fizika boýunça birinji orun Balkan welaýatynyň Gumdag şäherindäki 31-nji mekdebiň okuwçysy Bahargül Gurbannazarowa berildi. Ikinji orny Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky iňlis dili we takyk ylymlar çuňlaşdyrylyp öwredilýän 45-nji mekdebiň okuwçylary Nurana Narmuhammedowa we Aýgözel Jepbargulyýewa eýelediler. Üçünji orna Ahal welaýatynyň Sarahs etrabyndaky 18-nji mekdebiň okuwçylary Kakageldi Söhbedow bilen Öwezgeldi Gadamow, şeýle hem Mary şäherindäki 24-nji zehinli çagalar mekdebiniň okuwçysy Leýli Batyrowa mynasyp boldy.

Himiýa boýunça birinji orna Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen mekdep-internatyň okuwçysy Rüstem Jumaýew mynasyp boldy. Ikinji orny Mary şäherindäki 24-nji ýöriteleşdirilen mekdebiň okuwçysy Döwlet Durdylyýew hem-de Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň 2-nji mekdebiniň okuwçysy Leýli Garlyýewa eýelediler. Üçünji orna Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň 40-njy mekdebiniň okuwçysy Mähri Hojalyýewa, Türkmengala etrabynyň 2-nji mekdebiniň okuwçysy Süleýman Annalyýew we Murgap etrabynyň 19-njy mekdebiniň okuwçysy Mährijemal Berdiýewa mynasyp boldular.

Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary boýunça iň gowy bilim görkezen okuwçylar hökmünde: birinji orna Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň 37-nji mekdebiniň okuwçysy Maksat Şajykow, ikinji orna Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň 24-nji mekdebiniň okuwçysy Yhlas Gurbanmuhammedow hem-de Daşoguz şäheriniň 21-nji mekdebiniň okuwçysy Atageldi Allaberenow, üçünji orna bolsa Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň 32-nji mekdebiniň okuwçysy Kakageldi Hommadow, Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän 132-nji mekdebiň okuwçysy Berdimyrat Akköşekow we Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 65-nji mekdebiniň okuwçysy Abdulla Saparmyradow mynasyp boldular.