Şu ýyl Mary welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda gök we bakja ekinleri üçin 28 170 gektar ýer bölünip berildi. Esasy ekin bolan ýazlyk ýeralma 9 müň gektar meýdanda ekildi we ondan 126 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, ýazlyk sogan 2 700 gektar meýdany tutup, ondan 67 500 tonna hasyl almak garaşylýar.
Pomidor 985 gektar meýdanda ekildi, şeýle hem käşir we kelem hasylyna garaşylýar.
4 315 gektar meýdandan bolsa 86 300 tonna bakja hasylyny ýygnamak göz öňünde tutulýar.