Turkmenportal logo
Düýn 22:21
1395213952
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda resminama gol çekdi

«Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly resminamalara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Degişli resminama laýyklykda:

  • 2-nji derejeli ýurist Döwrangeldi Kakageldiýewi Düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Türkmenbaşy prokurory wezipesine bellenilip, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Rahat Şyhmyradowiç Karyýew bu wezipeden boşadyldy.

  • Ýustisiýanyň geňeşçisi Nejep Mämmetamanowiç Taýlyýew Mary welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesine bellenildi.

  • Ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Nowruz Gurbanowiç Amanow Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň prokurory wezipesine bellenilip, ol Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.

  • Ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Agamyrat Italmazowiç Abdyllaýew Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň prokurory wezipesine bellenilip, ol Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.

  • 2-nji derejeli ýurist Perhatberdi Ahmetberdiýewiç Mededow Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň prokurory wezipesine;

  • 2-nji derejeli ýurist Aýmyrat Baýmyradowiç Sähedow Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň prokurory wezipesine;

  • 2-nji derejeli ýurist Çaryýarmuhammet Orazmuhammedowiç Garajaýew Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi.

  • Ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Şöhrat Sapardurdyýewiç Taýew Sarahs etrabynyň prokurory wezipesinden;

  • Ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Toýly Allaberdiýewiç Bäşimow Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň prokurory wezipesinden;

  • Ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Rahym Çaryýarowiç Çaryýew welaýatynyň Daşoguz şäheriniň prokurory wezipesinden boşadyldy.