Niderlandlaryň günbataryndaky günorta Gollandiýa ülkesinde ýapon bagy gülledi. Ol Gaaga şäheriniň golaýyndaky Klingendal mülk ýerinde ýerleşýär we şu ýyl 101 ýaşyny baýram edýär diýip, «MIR 24» gürrüň berýär.
Golaýda ýerli gülçüler we binagärler baga ilkibaşky keşbini gaýdyp berdiler, hünärmenler seýrek gündogar ösümliklerine dogry ideg etmek üçin bagyň çägindäki her bir zolagy aýratyn işläp berjerýärler.
«Bu gaty köne bag. Ol 1915-nji ýylda döredilipdir, emma aslynda ýapon bagy-da däl. Bu bagy Gollandiýadan bolan aýal döredipdir, ol Ýaponiýa köp syýahat eder ekeni. Şol döwürler ýapon äheňinde bag döretmek ýörgünli bolupdyr, ol zenan, hakykatdanam, köp işleri bitiripdir» diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berýär.
Häzirki wagtda bu bag Niderlandlarda özboluşly ýer hasaplanýar, ol 2001-nji ýyldan bäri milli ýadygärlik derejesine eýedir. Ekoulgamynyň özboluşlylygy sebäpli, bag ýylda diňe birnäçe gezek baryp görmek üçin açykdyr.