Turkmenportal logo
Şu gün 16:47
69706970
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Özbegistanyň raýatlary Türkmenistanyň çägi arkaly Eýrandan ewakuasiýa edildi

Özbegistanyň Daşary işler ministrligi ýurduň raýatlarynyň bir toparynyň Eýrandan Türkmenistanyň çäkleri arkaly üstaşyr yzyna gaýtarylmagyny gurady, diýip «Dunýo» habarlar agentligi habar berýär.

Özbegistanyň Aşgabatdaky we Tährandaky diplomatik wekilhanalarynyň türkmen tarapy bilen utgaşykly hereket etmegi netijesinde ähli zerur wiza we ulag meseleleriniň dessin çözülendigi bellenilýär. Netijede, Özbegistanyň 41 raýaty «Sarahs – Serahs» we «Gowdan – Bajgyran» serhet geçelgelerinde sag-salamat kabul edildi. Ilçihananyň işgärleri olaryň barmaly ýerine çenli howpsuz ugradylmagyny üpjün etdiler diýlip, habarda aýdylýar.

Özbegistanyň DIM-i diplomatik wekilhanalaryň we türkmen tarapynyň sazlaşykly hereketleriniň sebit döwletleriniň arasyndaky ýokary derejeli ynamyň we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň aýdyň subutnamasydygyny nygtady.