Hytaýyň merkezi ülkesindäki feýerwerkler kärhanasynda bolan partlamada azyndan 21 adam pida boldy, ýene 61 adam ýaralandy diýip, döwlet habar beriş serişdelerine salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.
Ýurduň «Sinhua» agentliginiň habaryna laýyklykda, Hunan ülkesiniň Lýuýan diýen ýerindäki zawodda duşenbe güni sagat 16:40 töwerekleri partlama boldy.
HHR-iň Başlygy Si Szinpin partlamada dereksiz ýiten adamlary gözlemek hem-de ejir çekenleri halas etmek üçin ähli tagallalary etmäge, şeýle hem heläkçiligiň sebäplerini derňemäge we günäkärleri jenaýat jogapkärçiligine çekmäge çagyrdy. Betbagtçylykly wakanyň bolan ýerinde 500 halas ediji işleýär.