Turkmenportal logo
Şu gün 14:37
16371637
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Amsterdamda etiň we gazylyp alynýan ýangyjyň mahabaty gadagan edildi
Surat: gazeta.ru

1-nji maýdan başlap, Amsterdamda et önümleriniň we gazylyp alynýan ýangyçdan taýýarlanýan harytlaryň jemagat mahabatyny ýerleşdirmek boýunça gadaganlyk güýje girdi. «Bi-bi-si» teleýaýlymynyň habaryna görä, şeýle mahabatlary köçe bilbordlaryndan, jemgyýetçilik ulagy duralgalaryndan we metro beketlerinden aýyrdylar, şol sanda burgerleriň, awtoulag brendleriniň hem-de awiakompaniýalaryň mahabaty-da aýryldy. Boşan ýerlerde başga ölçegdäki mahabatlar: towuk naggetsleriniň, arzan syýahatçylyk saparlarynyň, mysal üçin, Reýksmuzeum muzeýiniňdir fortepiano konsertleriniň bildirişleri ýerleşdirildi.

Şäheriň häkimiýetleri şeýle etmek bilen, köçeleriň daşky görnüşlerini munisipalitetiň ekologik maksatlaryna laýyk getirmek isleýändiklerini aýdýarlar. 2050-nji ýyla çenli Amsterdam uglerod bitaraplygyny gazanmak hem-de ýaşaýjylaryň arasynda etiň sarp edilişini iki esse azaltmak isleýär.

«Ýaşyl çepçiler» partiýasynyň wekili Anneke Weenhoff klimatik krizisi esasy meseleleriň biri hasaplaýar. Onuň sözlerine görä, eger şäher howa gün tertibiniň lideri bolmaga ymtylýan, emma şunda mahabaty ýerleşdirmäge hem-de ondan girdeji almaga çalyşýan bolsa, bu howa syýasatyna garşy gelmek bilen, şübhe döredýär.