Türkmenistanyň wekilleri şu ýylyň 1 — 3-nji maýy aralygynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirilen III Halkara haly festiwalyna gatnaşdylar. Bu barada «Report» ýazýar.

Habarda bellenilişine görä, bu ýylky festiwala Azerbaýjandan, Türkiýeden, Russiýadan, Eýrandan, Pakistandan, Özbegistandan, Türkmenistandan, Gruziýadan, Gyrgyz Respublikasyndan, Marokkodan, Nepaldan we Meksikadan halyçylar we bu ugra ýöriteleşen hünärmenler gatnaşdylar.

Festiwal Azerbaýjan Respublikasynyň Ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Eksporty we maýa goýumlary goldamak agentliginiň (AZPROMO) goldawy bilen, «Azerhalça» PJG we «Içerişeher» Döwlet taryhy-binagärlik goraghanasy müdiriýeti tarapyndan guraldy.
Festiwalyň dowamynda dürli ýurtlardan getirilen haly önümleri görkezilişe çykaryldy. Şeýle-de dürli ýurtlara wekilçilik edýän halyçylaryň özara pikir alyşmalary guraldy.