Turkmenportal logo
Düýn 13:37
1431714317
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň U-20 ýaşlar ýygyndysy Täjigistanda geçiriljek CAFA-nyň çempionatynda çykyş eder

Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli futbolçylardan düzülen milli ýygyndysy 10–20-nji maý aralygynda Täjigistanda geçiriljek Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) çempionatyna gatnaşar. Bu barada CAFA-nyň metbugat gullugy habar berdi.

Ýaryşda türkmen topary bilen bir hatarda Owganystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ýygyndylary hem çykyş eder. Ýaryşlar bir aýlaw görnüşinde geçirilip, ýeňiji iň köp utuk toplan topar hökmünde kesgitlener.

Ýaryşyň ähli oýunlary CAFA-nyň resmi YouTube kanalynda göni ýaýlymda görkeziler. Oýunlaryň tertibi ýakyn wagtda yglan ediler.