Türkiýäniň medeniýet we turizm ministri Mehmet Nury Ersoý Respublikany dünýäde dowam edýän gapma-garşylyklaryň gurşawynda «durnuklylyk adasy» diýip atlandyrdy.
«Türkiýe sebitde parahatçylygyň ýola goýulmagynda çynlakaý tagalla edýär. Türkiýäniň krizisleri dolandyrmakda baý tejribesi bar» diýip, ministr «CNN Türk» teleýaýlymynda çykyşynda nygtady.
Ministriň sözlerine görä, ýurt şu ýyl pudakdan 68 milliard dollar girdeji almaga taýýarlanýar.
Geçen ýyl Türkiýe 63,9 million sany daşary ýurt syýahatçy kabul edip, 65,2 milliard dollar girdeji aldy. Türkiýä iň köp syýahatçy Russiýadan bardy, ýagny 6,9 million adam diýip, TASS ýazýar.