Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy, gurulýan hem-de döwrebaplaşdyrylan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, ilki bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa bilen bilelikde Arkadag şäheriniň metjidiniň çäkleri boýunça alnyp barylýan işleri synlady. Ýolugra bu ýerde alnyp barylýan işler, metjidiň girelgeleriniň we minaralarynyň binagärlik aýratynlyklary, gurluşyk işlerinde ulanylýan serişdeler we olaryň görnüşleri barada giňişleýin maglumat berildi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri metjidiň çäginde bina edilýän muzeýiň daşky bezeg işleri, şäheriň ikinji tapgyrynda bina edilýän desgalaryň degişli şekil taslamalary bilen tanyşdy hem-de olar bilen baglanyşykly degişli ýolbaşçylara öwüt-ündewlerinidir tabşyryklaryny berdi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda Arkadag şäherini ösdürmegiň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, dürli maksatly binalaryň gurluşyklaryň depginlerini ýokarlandyrmak we olara häzirki zaman sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.